7
ÝAPONIÝA NÄDIP ÖSDI, NÄDIP ÇÖKDI ? Gutlymyrat Ýegendurdyýew

Ýaponiýa nädip ösdi, nädip çökdi

Embed Size (px)

Citation preview

ÝAPONIÝA NÄDIP ÖSDI, NÄDIP ÇÖKDI?Gutlymyrat Ýegendurdyýew

Ýaponiýanyň ykdysady gudraty barada häzir kän gürrüň edilmeýär. Sebäbi

Ýaponiýany meşhur eden Sony, Sharp, Toyota ýaly firmalar häzirki wagt

ornuny Apple, Samsung, Hyundai ýalylara bermeli boldy. Ýöne bu ýagdaý

ýaponlaryň birwagtlar amala aşyran gudratyny unutmagymyz üçin sebäp däl.

Ýaponiýa esasan 1950-1970-nji ýyllar arasynda ösüşiniň çür depesineçykdy. Dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň arasyna şol wagtky güýji bilen giripdi. Şol ýyllar kabul edilen senagat kararlary ýaponlary dünýäniňgämiçilik, ulag we elektronika ugrunda dünýäniň iň ösen ýurtlarynyňbirine öwrüpdir.

Bu üstünlige ýapon inženerleriniň döredijilikleri täsir edendir. Ýöne esasysebäp inženerler dälmikä diýýän. Çünki önüm öndüreniň bilen girdejiýagmaýar, ony satmagy hem başarmak zerur. Ynha bu iş bolsa ekonomiki älemde giňden tanalýan MITI - ýagny ÝaponiýanyňSenagat we Söwda ministrligine degişli.

MITI-den öň Ýaponiýa

Ýaponiýa ýapyk ülkedi. Dünýä bilen tanyşlygy1868-de imperator Musuhitonuň tagta geçmegibilen başlapdyr. Ol tagta geçensoň Ýaponiýadaperestroýka döwri başlanýar. Ol döwre Meidzirestorwasiýasy hem diýilýär.

Meidzi döwründe Ýaponiýa Uzak Gündogardailkinji bolup senagat eýýämyna geçýär. 44 ýylsüren bu döwrüň soňunda Ýaponiýa senagatlaşanilkinji Aziýa imperiýasyna öwrülipdir.

Meidzi döwründe edilen işler esasan ýaponharbylary bolan samuraýlaryň nägileligine sebäpbolupdyr. Ýöne ýapon hökümeti samuraýlaryň ähliislegleriniň garşysyna hereket edýär. Ýurtdaharbylaryň täsirini artdyryp inwestisiýalaryekonomika gönükdirýär. Aslynda bu işlere ýaponlaryň samuraýlara bolan gahary hem sebäpbolandyr? Sebäbi samuraýlar Ýaponiýanyýewropalylara garşy gorap bilmän ýurduňabraýynyň depelenmegine sebäp bolupdy.

Ikinji Jahan urşuny ýeňliş bilen tamamlan Ýaponiýa harap bolan ekonomikanygalkyndyrmak üçin 1949-njy ýylda MITI-ni döretdi. MITI - Söwda we Senagat ministrligi,

Ykdysady Planlaşdyryş Agentligi bilen birlikde Ýaponiýanyň senagat we söwda

syýasatyny utgaşdyrmalydy.

MITI-niň eden işi ýapon telekeçileri ýewropalylaryň täsirinden goramakdy. Olar

ýewropaly harytlaryň Ýaponiýa girmegini kynlaşdyryp ýapon öndürijilere kömek etdi.

Pul birliginiň hümmetini pes tutup eksport üçin gerekli şertleri döretdi. Belki MITI şolwagt konserwatiw syýasat alyp barmasa Sony uly firma öwrülip bilmezligi mümkindi.

Sebäbi uruşdan ýaňy çykan Ýaponiýanyň firmalarynda pul az, onuň ýewropalykonkurenterinde bolsa pul köpdi.

Meidzi-den soň Ýaponiýa

Meidzi-den soň

Ýaponiýa

Bu hem ýaponlara olarbilen ýaryşmagynykynlaşdyrýardy. Meselem Sony şol wagt ilkinjiönümini Ýaponiýa zyňylanbombalary eredipöndüripdir.

MITI-niň galalary birin-birin ýumrulansoň 90-ly ýyllardan bäri

Ýaponiýanyň ykdysadyýeti ösüşini durdurdy. Hat-da Sonynyň öňki

gudratynyň ýokdugyny hemmeler aňan bolsa gerek. Ýapon pul birligi

hümmetli bolansoň önümler daşarky bazarda has gymmat bolýar we

satylmagy kynlaşýar. Netijede ýapon ykdysadyýeti assa-ýuwaşdan

kiçelip başlaýar.

Ýöne ýakynda premýer ministrini täzelän Ýaponiýa köne günleri ýatlap

täzeden ykdysady läheňe öwrülmegiň arzuwynda. Ýöne bu

başlangyçlar eýýäm başga bir tema.

about.me/gutly

Gutlymyrat Ýegendurdyýew