25
1 Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri boýunça uly ýaşly adamlara saglygy goraýyş kömegini bermegiň Tertibini tassyklamak hakynda “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 43-nji maddasyna laýyklykda, buýurýaryn: 1. Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri boýunça uly ýaşly adamlara saglygy goraýyş kömegini bermegiň Tertibini tassyklamaly (goşulýar). 2. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli. 3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary T.Siliýewe tabşyrmaly. Ministr N. Amannepesow

keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

  • Upload
    others

  • View
    7

  • Download
    0

Embed Size (px)

Citation preview

Page 1: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

1

Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri boýunça

uly ýaşly adamlara saglygy goraýyş kömegini

bermegiň Tertibini tassyklamak hakynda

“Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň

43-nji maddasyna laýyklykda, buýurýaryn:

1. Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri boýunça uly ýaşly adamlara saglygy

goraýyş kömegini bermegiň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň

dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada

Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Saglygy

goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary T.Siliýewe tabşyrmaly.

Ministr N. Amannepesow

Page 2: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

2

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş

we derman senagaty ministriniň

2018-nji ýylyň ---nji -----

çykaran ------ buýrugy bilen

tassyklanyldy

Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri boýunça uly ýaşly adamlara saglygy

goraýyş kömegini bermegiň Tertibi

I bap. Umumy düzgünler

1. Şu Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri boýunça uly ýaşly adamlara

saglygy goraýyş kömegini bermegiň Tertibi (mundan beýläk-Tertip) “Raýatlaryň

saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 43-nji maddasyna

laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we saglygy goraýyş edaralarynda pulmonologiýa

ulgamynyň keselleri bilen kesellän uly ýaşly adamlara (mundan beýläk–

pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlar), pulmonologik saglygy

goraýyş kömegini (mundan beýläk – pulmonologiki kömegi) bermegiň Tertibini

kesgitleýär.

2. Pulmonologiýa kömegi – pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen

kesellän adamlara berilýän ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömeginiň esasy

görnüşleriniň biridir. Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri durmuş ähmiýetli

toparlara degişlidir. Olar giňden ýaýrandygy, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygyň

ýüze çykmagynyň we maýyplyga ilkinji gezek çykmagyň sebäpi bolup durmagynda

ýokary görkezijileriniň bolmagy bilen häsiýetlendirilýär.

Pulmonologlaryň maşgala, terapewt-lukmanlary, beýleki hünärmenler bilen

özara ylalaşykly çalt aragatnaşygy, pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen

kesellän adamlar üçin maslahat beriş merkezleriniň ulgamyny, şeýle hem saglygy

goraýyş-genetik maslahatlaryny giňeltmek, pulmonologiýa ulgamynyň keselleri

bilen kesellän adamlarа gatnawly şertlerde berilýän pulmonologik kömeginiň hilini

ýokarlandyrmagyň hakyky şertleri bolup durýandyr.

3. Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlara

pulmonologik kömegini bermek saglygy goraýyş edaralarynda, ýagny pulmonolog

lukmanynyň otagynda, Kliniki-anyklaýyş otagynda, pulmonologiýa bölüminde,

Ýöriteleşdirilen pulmonologiýa merkezinde, şeýle hem saglygy goraýyş

edaralarynyň beýleki bölümlerinde pulmonologiki kömege mätäç näsaglara

bejermek we maslahat kömegini bermek görnüşinde amala aşyrylýar. Bu saglygy

goraýyş edaralarynda berilýän pulmonologiki kömegi Türkmenistanyň Saglygy

goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan bellenilen tertipde tassyklanylýan,

Saglygy goraýyş edaralarynda uly ýaşly adamlara pulmonologiýa boýunça berilýän

pulmonologiki kömeginiň hil standartlaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Olaryň işi

şu Tertibiň ХIV- ХVII baplaryna laýyklykda guralýar.

Pulmonologiki kömegini bermekligi amala aşyrýan saglygy goraýyş

edaralaryna guramaçylyk-usulyýet kömegi etrap, şäher, welaýat we döwlet

Page 3: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

3

derejesinde Baş pulmonolog-hünärmenler tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlara saglygy

goraýyş kömegi şu görnüşlerde berilýär:

1) ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi;

2) tiz saglygy goraýyş kömegi, şol sanda ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş

kömegi;

3) ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi şol sanda ýokary tehnologiýaly

saglygy goraýyş kömegi;

4) saglygy goraýyş-durmuş kömegi;

5) şypahana kömegi;

6) derman kömegi.

5. Saglygy goraýyş kömegi şu aşakdaky şertlerde berilýär:

1) saglygy goraýyş edarasyndan daşarda – tiz saglygy goraýyş kömegi

toparynyň çagyrylýan ýeri boýunça ýa-da syrkaw gatnadylýan mahalynda;

2) gatnawly şertlerde, şol sanda saglygy goraýyş işgäri çagyrylan mahalynda

öýünde, gije-gündiz gözegçilik edilmezden we bejerilmezden;

3) gündizki ýatymlaýyn şertlerde – gije-gündiz gözegçilik edilmegi we

bejerilmegi talap etmeýän, gündizine gözegçilik edilmegi we bejerilmegi;

4) ýatymlaýyn şertlerde-gije-gündiz gözegçilik edilmegi we bejerilmegi.

Syrkawlara maslahat bermegiň dessinligini ýokarlandyrmak maksady bilen,

saglygy goraýyş kömegi telelukmançylyk aragatnaşygynyň ulanylmagy bilen berlip

bilner.

6. Saglygy goraýyş kömegi şu aşakdaky görnüşlerde berilýär:

1) tiz kömek – syrkawyň janyna we saglygyna howp döredýän duýdansyz ýiti

keseller ýüze çykan mahalynda, dowamly keseller ýitileşen ýagdaýlarynda;

2) meýilnamalaýyn kömek – öňüni alyş çäreleri geçirilen mahalynda,

syrkawyň janyna we saglygyna howp döretmeýän we bejermegiň belli bir wagta yza

süýşürilmegi syrkawyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna getirmeýän keseller

mahalynda we ýagdaýlarda.

II bap. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi

7. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi saglygy goraýyş kömeginiň

öňüni alyş çäreleriniň, keseli ir ýüze çykarmak, anyklaýyş, bejeriş, dikeldiş, sagdyn

durmuş ýörelgesini emele getirmek we raýatlara sanitariýa-gigiýena taýdan düşünje

bermek maksatlary bilen amala aşyrylýan saglygy goraýyş kömeginiň her bir adam

üçin esasy elýeterli görnüşi bolup durýar.

8. Saglygy goraýyş kömeginiň öňüni alyş çäreleri adamlara şulary

düşündirmekligi hem-de ýerine ýetirilmegini gazanmaklygy öz içine alýandyr:

dogry iymitlenmek (beloklara, witaminlere we beden üçin gerekli bolan

mikroelementler göz öňünde tutulyar), dogry dynç almak (wagtynda uklamak,

aýdym saz diňlemek we medeni çärelere gatnaşmak).

Page 4: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

4

9. Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlaryň keselini ir

ýüze çykarmak üçin saglyk öylerinde ilaty saglygy goraýyş barlaglaryndan, inçe

hünärmenleriň maslahatyndan geçirmeklik amala aşyrylýar.

10. Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlaryň keselini

anyklaýyş pulmonolog tarapyndan yöriteleşdirilen yokary tehnologiyaly anyklayyş

maslahat beriş merkezlerine ugratmaklyk arkaly amala aşyrylýar. Pulmonologiýa

ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlaryň keselini bejermek anyklaýyş-

maslahat beriş merkezlerinde kesel yüze çykarylan wagtynda yöriteleşdirilen bejeriş

merkezlere ugratmaklyk arkaly amala aşyrylýar.

11. Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlaryň keselini

bejermekligi geçeninden soň dikeldiş öz içine bejergiden soňra dikeldiş döwrüni

dogry yola goymaklygy, fizioterapewtiň gözegçiligine, şypahana hyzmatlaryna

gönikdirmekligi alýandyr.

12. Sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirmek adamlarda dogry

iymitlenmek, dynç almak, bedenterbiye, sport bilen meşgullanmak endikleriniň

emele gelmegi babatda degişli işleriň geçirilmegini öz içine alýandyr.

Sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak üçin adamyň saglygyny

pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşamagyna we durmuş wezipelerini

ýokary derejede ýerine ýetirmegine, ýaşaýşyň zähmet, jemgyýetçilik, maşgala-

durmuş, dynç alyş görnüşlerine işjeň gatnaşmagyny gazanmak üçin öňüni alyş

çäreleriniň kabul edilmegine, şeýle hem keselleriň sebäplerini we netijelerini

düzetmek üçin öňüni alyş çärelerini amal etmäge gönükdirilen sagdyn durmuş

ýörelgesini ornaşdyrmak işiniň amala aşyrylmagy zerurdyr. Sagdyn durmuş

ýörelgesiniň esaslaryna çagalyk döwründen sagdyn endiklerini we ukyplaryny

terbiýelemek, ýaşamak üçin howpsuz we amatly daşky gurşaw, temmäkiden, neşe

serişdelerinden we alkogolly içgileri ulanmakdan ýüz döndermek, sagdyn

iýmitlenmek, beden taýdan işjeň durmuş, şahsy we jemgyýetçilik gigiýenasy

degişlidir.

13. Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlaryň saglygynyň

bozulmagy bilen dörän ýaşaýşyň çäklendirmelerini düzetmäge ýa-da mümkin

boldugyça doly öwezini dolmaga gönükdirilen, uýgunlaşdyryjy bedenterbiýäniň we

uýgunlaşdyryjy sportuň serişdelerini we usullaryny peýdalanmak bilen adam

bedeniniň bozulan ýa-da wagtlaýyn ýitirilen wezipelerini we saglyk mümkinçilikleri

çäkli bolan şahslaryň jemgyýetçilik we hünär işine başarnyklaryny dikeltmek işi

amala aşyrylýar.

14. Raýatlara sanitariýa-gigiýena taýdan düşünje bermeklik adamlar

tarapyndan şahsy gigiyenanyň doly we dogry yerine yetirmekligi (saçyna we

dyrnagyna serenjam bermek, wagtly-wagtynda yuwunmak we ş.m.) gazanmaklyk

maksady bilen geçirilýär.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine laýyklykda, ilatyň arasynda

ýokary sanitariýa medeniýetini terbiýelemek we ony öwretmek, sagdyn ýaşaýyş

düzgünini ündemek boýunça işler geçirilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda

we umumy bilim berýän başga edaralarda, bejeriş-öňüni alyş edaralarynda, sagaldyş

edaralarynda hem-de durmuş goragynyň edaralarynda, harby gullukdakylara

Page 5: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

5

goýberilýän iýmit önümleriniň möçberleri bellenende, şeýle hem derňew

gabawhanalarynda saklanýanlara ýa-da düzediş edaralarynda temmi alýanlara

goýberilýän iýmit önümleriniň möçberleri bellenende adamyň iýmitlenmeginiň

ylmy taýdan esaslandyrylan fiziologik kadalyk ölçegleriniň berjaý edilmegi boýunça

işler amala aşyrylýar.

Döwlet sanitariýa epidemiologiýa düzgünleri we normatiwleri-berjaý

edilmezligi adamyň janyna we saglygyna howp döredýän, şeýle hem keselleriň ýüze

çykmagyna we ýaýramagyna getirýän sanitariýaepidemiologiýa talaplaryny (şol

sanda adamyň ýaşaýyş gurşawynyň faktorlarynyň howpsuzlygynyň we

zyýansyzlygynyň ölçegleri, gigiýena we beýleki normatiwleri) belleýän

kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenilip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

Daşky gurşawyň we önümçilik işiniň faktorlarynyň adamyň saglygyna, işe

ukyplylygyna, ömrüniň dowamlylygyna edýän täsirini öwrenýän, ilatly nokatlaryň,

adamlaryň ýaşaýyş şertleriniň we işiniň sagdynlaşdyrylmagyna gönükdirilen

normatiwleri, talaplary we sanitariýa çärelerini işläp düzýän lukmançylyk ylmy

bolup durýan gigiýena boýunça degişli işler geçirilýär.

Adamyň saglygynyň we ýaşaýyş gurşawynyň ýagdaýyna gözegçilik etmegiň,

olary seljermegiň, baha bermegiň we çaklamagyň, şeýle hem ilatyň saglygynyň we

ýaşaýyş gurşawynyň ýagdaýyna täsir edýän faktorlaryň özara arabaglanyşyklaryny

kesgitleýän döwlet gözegçilik ulgamy bolup durýan durmuş-gigiýena monitoringi

geçirilýär.

Ilatyň saglygyny goramak, ýokanç, parazitar keselleriň ýaýramagynyň öňüni

almak, kesp-käre degişli (professional) keselleriň we zäherlenmeleriň,

betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak, zähmet howpsuzlygyny üpjün etmek

maksady bilen, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň işgärlerini Türkmenistanyň

zähmet kanunçylygyna laýyklykda deslapky (işe girenlerinde) hem-de wagtal-

wagtal (işiň barşynda) lukmançylyk gözegçiliginden geçirmeklik işi amala

aşyrylýar.

Ilatyň hem-de geljekki nesilleriň saglygyny goramak we berkitmek maksady

bilen, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek

boýunça döwlet, sebit we belli maksada gönükdirilen maksatnamalar işläp

taýýarlanylýar hem-de amala aşyrylýar.

15. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi bejeriş-öňüni alyş edaralary

tarapyndan gatnawly şertlerde we gündizki ýatymlaýyn şertlerde berilýär.

Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlara saglygy goraýyş

kömegi näsaga islendik wagty (bejeriş öňini alyş edarasynyň iş wagtyna layyklykda)

sagatlayyn gatnawly şertde berilyär. Gündizki ýatymlaýyn şertlerde näsaga saglygy

goraýyş kömegi bejeriş öňini alyş edarasynda gündiziň dowamynda irden agşama

çenli berilýär.

16. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi şu aşakdaky kömekleri göz

öňünde tutýar:

1) ilkinji kömek;

2) lukmana gelmezinden öň berilýän saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi;

3) lukmançylyk saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi;

Page 6: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

6

4) ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi.

17. Ilkinji kömek lukman, orta saglygy goraýyş işgäri, şeýle hem ýörite

taýýarlygy bolmadyk adam tarapyndan berlip bilner.

18. Lukman gelmezinden öňki ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi

maşgala feldşerleri, maşgala şepagat uýalary we orta lukmançylyk bilimi bolan

beýleki saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan berilýär.

19. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi maşgala lukmanlary we

hünärmen lukmanlar tarapyndan berilýär.

20. Ýöriteleşdirilen ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi hünärmen

lukmanlar, şol sanda ýöriteleşdirilen, ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş

kömegini berýän saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmen lukmanlary tarapyndan

berilýär.

21. Raýatlara ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini bermegiň tertibi

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2017-nji ýylyň 13-nji iýulynda 1072

belgi bilen döwlet belligine alnan, “Raýatlara ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa

kömegini berýän döwlet saglygy goraýyş edaralaryň Sanawyny, şeýle hem

onuň berilmeginiň möçberini we tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2017-nji ýylyň 23-nji iýunynda

çykaran 186 belgili buýrugyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Ýöriteleşdirilen ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi, saglygy goraýyş

edarasynyň pulmonolog lukmany tarapyndan berilýär.

Lukmançylyk görkezmesi bolup, ýöriteleşdirilen ilkinji saglygy goraýyş-

sanitariýa kömegininiň çäklerinde saglygy goraýyş kömegini bermek mümkinçiligi

bolmadyk ýagdaýynda lukman-terapewt, maşgala lukmany (feldşer) näsagy

pulmonologiýa ulgamynyň kesellemeginde ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş

kömegini bermek üçin saglygy goraýyş edarasynyň pulmonolog lukmanynyň

otagyna ugradylýar.

III bap. Tiz saglygy goraýyş kömegi

22. Tiz saglygy goraýyş kömegi raýatlara gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş

kömegini talap edýän keseller, betbagtçylykly halatlar, şikesler, zäherlenmeler we

beýleki ýagdaýlar bolan mahalynda berilýär.

23. Tiz saglygy goraýyş kömegi ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş kömegi

görnüşinde berlip bilner.

24. Tiz saglygy goraýyş kömegi, şol sanda ýöriteleşdirilen tiz saglygy

goraýyş kömegi raýatlara tölegsiz berilýär.

25. Tiz saglygy goraýyş kömegi, şol sanda ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş

kömegi, saglygy goraýyş edarasyndan daşarda, şeýle hem gatnawly we ýatymlaýyn

şertlerde berlip bilner.

26. Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman

senagaty ministri tarapyndan bellenilen tertipde tiz saglygy goraýyş kömegini

çagyrmagyň ýeke-täk san belgisiniň ulgamy işleýär.

Page 7: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

7

27. Adamyň janyna we saglygyna howp döredýän ýagdaýlar ýüze çykan

mahalynda saglygy goraýyş işgärleriniň zerur bolan islendik aragatnaşyk serişdesini

we adamy iň ýakynda ýerleşýän tiz saglygy goraýyş kömegi gullugyna ýa-da bejeriş-

öňüni alyş edarasyna alyp barmak üçin bar bolan islendik ulag serişdesini tölegsiz

peýdalanmaga hukugy bar.

28. Tiz saglygy goraýyş kömegini bermek zerurlygy ýüze çykan halatynda

sanitar awiasiýasynyň serişdeleri peýdalanylýar.

29. Gyssagly saglygy goraýyş kömegini bermek talap edilýän ýagdaýlarda,

tiz, şol sanda ýöriteleşdirilen gyssagly saglygy goraýyş kömegine mätäç

pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlara tiz saglygy goraýyş

kömegi, şol sanda ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş kömegi çagyryş boýunça

hereket edýän göçme tiz kömek gullugynyň feldşer toparlary, çagyryş boýunça

hereket edýän göçme tiz kömek gullugynyň lukman toparlary tarapyndan berilýär.

30. Tiz saglygy goraýyş kömegi, şol sanda ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş

kömegi saglygy goraýyş edarasynyň daşynda, şeýle hem gyssagly ýa-da

gaýragoýulmasyz görnüşde berilýär.

Tiz saglygy goraýyş kömegi berilýän wagtynda, zerurlyk ýüze çyksa, sanitar

awiasiýa ulagynda saglygy goraýyş kömegi berilýär we degişli saglygy goraýyş

edarasyna alyp gidilýär.

Köp ugurly hassahanalaryň reanimasiýa bölümlerinde pulmonologiýa

ulgamynyň keseli bilen kesellän adamlary, gyssagly ýagdaýda keselhana

ýerleşdirmekde intensiw terapiýa geçirilýär, tiz lukmançylyk kömegi saglygy

goraýyş edaralarynda bolsa - gönümel pulmonologiýa bölümlerinde intensiw

terapiýa otaglarynda (palatalarynda) geçirilýär.

IV bap. Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi

31. Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi ýatymlaýyn şertlerde berilýär.

32. Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi öňüni alyş çärelerini, anyklaýşy

we saglygy bejermegi, şol sanda ýörite usullaryň ulanylmagyny öz içine alýar.

33. Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi ýöriteleşdirilen ýokary

tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi görnüşinde berlip bilner.

34. Ýöriteleşdirilen ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi keseli

bejermegiň täze çylşyrymly ýa-da özboluşly usullaryny, şeýle hem keseli

bejermegiň ylmy taýdan subut edilen netijeliligi bolan usullarynyň ulanylmagyny,

şol sanda öýjük (sütün öýjükleri) tehnologiýalarynyň, maglumatlar

tehnologiýalarynyň we saglygy goraýyş ylmynyň, ylmyň we tehnikanyň meňzeş

pudaklarynyň gazananlarynyň esasynda işlenip düzülen genetik inženerçilik

usullarynyň ulanylmagyny özünde jemleýär.

35. Ýöriteleşdirilen ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi

Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty

ministri tarapyndan tassyklanylýan ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş

kömeginiň görnüşleriniň sanawyna laýyklykda saglygy goraýyş edaralary

tarapyndan berilýär.

Page 8: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

8

36. Döwlet saglygy goraýyş edaralarynda berilýän saglygy goraýyş

kömeginiň hil standartlary, ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömeginiň görnüşleri

we möçberleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri

tarapyndan tassyklanylýan tertipde bellenilýär.

37. Ýöriteleşdirilen, şol sanda ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi,

pulmonolog lukmanlary tarapyndan ýatymlaýyn şertlerde we gündizki ýatymlaýyn

şertlerde berilýär we ol öňüni alyş, anyklaýyş, ýöriteleşdirilen barlag usullaryny,

çylşyrymly tehnologiýalary, keseliň öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş, ýöriteleşdirilen

we lukmançylyk reabilitasiýasyny öz içine alýar.

38. Meýilleşdirilen saglygy goraýyş kömegi pulmonologiýa keselleriniň

öňüni alyş çäreleri geçirilende, ýaşaýşa howp salmaýan, gyssagly we gaýra

goýulmasyz kömegi talap etmeýän, näsaga saglygy goraýyş kömegini bermegin

möhletini belli bir wagta çenli yza çekilmegi näsagyň agyrlaşmagyna sebäp

bolmaýan ýagdaýlarda berilýär.

39. Saglygy goraýyş edarasynyň ýöriteleşdirilen, şol sanda ýokary

tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegini bermek, lukmançylyk görkezmeleri

esasynda şu aşakdaky ýagdaýlarda alnyp barylýar:

näsag özbaşdak ýüz tutanda;

1) ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini berýän saglygy goraýyş

edarasynyň feldşerleri, lukman terapewtleri, maşgala lukmanlary, pulmonolog

tarapyndan ugradylanda;

2) näsag tiz kömek gullugy tarapyndan getirilende.

40. Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlar tiz kömek

gullugy tarapyndan, düzüminde “Pulmonologiýa”, “anesteziologiýa we

reanimasiýa” ugurlary boýunça gije-gündüziň dowamynda saglygy goraýyş

kömegini berýän saglygy goraýyş edaralaryna ugradylýar.

41. Saglygy goraýyş edaralaryna gelen pulmonologiýa ulgamynyň keselleri

bilen kesellän adamlar kabul ediş bölüminde pulmonolog we/ýa-da beýleki ugurlar

boýunça lukmanlar tarapyndan görkezmesi bolan halatynda we ýaşaýşyna howp

salýan ýagdaýlar ýok bolsa, pulmonologiýa bölüme, eger-de ýaşaýşyna howp salýan

ýagdaýlar bar bolsa, reanimasiýa ýa-da intensiw bejeriş bölümlerine ugradylýar.

42. Ýaşaýşa howp salýan ýagdaýlar aradan aýrylanyndan soň, lukmançylyk

görkezmeleri esasynda, pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlar

saglygy goraýyş edarasynyň pulmonologiýa bölümine ýöriteleşdirilen saglygy

goraýyş kömegini bermek üçin geçirilýär.

43. Pulmonologiýa ulgamynyň hirurgiki keseli ýüze çykarylanda,

Döşkapasasy hirurgy lukmanyň maslahaty geçirilip, onuň çykaran netijesi boýunça

lukmanlaryň maslahat beriş topary tarapyndan (konsilium) näsagy mundan beýläk

bejermekligi ýola goýýarlar.

Pulmonologiýa ulgamynyň kesellerinde ilkinji kesel kesgidi, näsag saglygy

goraýyş edaralaryna düşen ilkinji gününde kliniki-instrumental barlaglaryň we

laborator barlaglaryň esasynda goýulýar.

Gutarnykly kesel kesgidi, näsagyň pulmonologiýa bölümine düşen gününden

başlap, üç günüň dowamynda kliniki, instrumental we laborator barlaglaryň,

Page 9: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

9

dinamiki gözegçiligiň esasynda goýulýar.

44. Pulmonologiýa nulgamynyň kesellerinde saglygy goraýyş kömegi,

pulmonologiýa kesellerini anyklamagyň we bejermegiň kliniki beýanlary,

standartlary we algoritmleri esasynda berilýär.

45. Ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegine degişli däl, keseliň adaty

däl geçişinde gutarnykly kesel kesgidini goýmak zerurlygy ýüze çykanda,

geçirilýän bejerginiň netijesizliginde we (ýa-da) beýleki bejergi usullarynda

netijäniň mümkinçiligi pes bolanda, esasy keseliň gaýraüzülen akymynda ýa-da

utgaşykly keselleri bolanda, anyklamasy çylşyrymly ýagdaýlarda we (ýa-da)

keseliň gaýraüzülmeli we utgaşykly keselleri bolan näsaglary, gaýtadan hassahana

ýerleşdirmek zerurlygy bolanda, döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň maslahatyna

görä, näsaglara ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi şu Tertibe laýyklykda

berilýär.

46. Näsaga ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi görkezmeler

esasynda, düzüminde ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi berip bilýän

enjamlar bar bolan bejeriş maslahat beriş merkezlerinde raýatlara ýokary

tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegini bermegiň Tertibine laýyklykda ýerine

ýetirilýär.

47. Kliniki beýanlarda, standartlarda we algoritmlerde göz öňünde tutulyşy

ýaly, ýatymlaýyn şertlerde pulmonologiýa bölümlerinde pulmonologiýa ulgamynyň

keseli bar bolan näsaglara saglygy goraýyş kömegini bermegiň möhleti tamamlanan

ýagdaýynda, ýöne saglygy goraýyş kömeginiň berilmegine mätäç näsagy soňky alyp

barmagyň usuly we näsagyň reabilitasiýasy lukmanlaryň toparynyň maslahaty

tarapyndan (konsilium) kesgitlenilýär.

V bap. Saglygy goraýyş-durmuş kömegi

48. Saglygy goraýyş-durmuş kömegi-keseliň öňüniň alynmagyna,

anyklanylmagyna, bejerilmegine, saglygynyň dikeldilmegine, gaýtadan

dukeldilmegine gönükdirilen saglygy goraýyş hyzmatlary, näsaglara, zähmete

ukypsyz we maýyp adamlara ideg edilmegi özünde jemleýän kömek bolup durýar.

49. Saglygy goraýyş-durmuş kömegi raýatlara kesellän, zähmete

ukyplylygyny ýitiren mahalynda we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen

başga ýagdaýlarda berilýär.

50. Saglygy goraýyş-durmuş kömegi saglygy goraýyş we durmuş pudagynyň

işgärleri tarapyndan berilýär.

51. Raýatlara tölegsiz saglygy goraýyş-durmuş kömeginiň kepillendirilýän

möçberi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berilýär.

52. Raýatlaryň aýry-aýry toparlarynyň hereket ediş serişdeleri we beýleki

ýörite serişdeler bilen ýeňillikli üpjün edilmäge hukugy bar.

53. Ilaty durmuş taýdan goramak zähmete ukypsyz adamlara, maýyplarа,

çagaly maşgalalarа we beýleki adamlarа pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň

tölenilmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik

we durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça döwlet ulgamyndan ybaratdyr.

Page 10: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

10

Maýyplaryň durmuş taýdan goralmagyny üpjün etmek boýunça saglygy goraýyş

edaralary tarapyndan Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda

kanunçylygyna laýyklykda işler amala aşyrylýar.

54. Maýyplaryň saglygynyň dikeldilmegi adam bedeniniň bozulan ýa-da

ýitirilen wezipelerini, öz-özüne hyzmat etmek, hünär işiniň dürli görnüşlerine bolan

ukyplarynyň dikeldilmegine gönükdirilen, saglygy goraýyş, hünär we durmuş

çäreleriniň toplumyndan ybarat.

Maýyplaryň saglygyny dikeltmek dikeldiş merkezlerinde, dikeldiş bejergini

berýän bölümlerde, ýörite okuw-terbiýeçilik, ýöriteleşdirilen şypahana

edaralarynda, maýyplara durmuş hyzmatyny etmek boýunça edaralarda amala

aşyrylýar.

55. Maýyplary lukmançylyk, hünär we durmuş taýdan dikeltmek saglygy

goraýyş edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanylýan özbaşdak dikeldiş

maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

56. Maýyplara durmuş kömegi pul tölegleri we Türkmenistanyň

kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýeňillikleriň berilmegi, dermanlar, şeýle hem

saglygy goraýyş, durmuş we hünär taýdan dikeltmek boýunça hyzmatlary we

durmuş hyzmatyny etmek arkaly berilýär.

57. Derman we lukmançylyk üpjünçiligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň

serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň Ministrlеr Kabineti tarapyndan bellenilen

tertipde degişlilikde mugt ýa-da ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar:

1) maýyp çagalar, çagalykdan maýyplar, I we II topar maýyplar (maýyplygy

kanuna garşy hereketleri netijesinde ýüze çykan adamlar muňa degişli

däldir) - maýyplar üçin keseline degişli derman serişdeleri mugt berilýär;

2) III topar maýyplar (maýyplygy kanuna garşy hereketleri netijesinde ýüze

çykan adamlar muňa degişli däldir) - derman serişdeleri mugt berilýär.

VI bap. Şypahana kömeginiň berilmegi

58. Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlar lukmançylyk

görkezmeleri esasynda reabilitasiýa çäreleri geçirmek üçin şypahana edaralaryna

ugradylýar.

Şypahana-sagaldyş-öňüni alyş maksatlarynda özleşdirilen we peýdalanylýan,

tebigy bejeriş serişdeleri we infrastruktura obýektlerini hem goşmak bilen, olaryň

ulanylmagy üçin zerur bolan jaýlary we desgalary bolan aýratyn goralýan tebigy ýer

bolup durýar.

Şypahana işi tebigy bejeriş serişdeleriniň peýdalanylmagy esasynda

keselleriň bejerilmegini we öňüniň alynmagyny guramak hem-de amala aşyrmak

boýunça ylmy-amaly işiň ähli görnüşleriniň jemini öz içine alýar.

59. Şypahana kömegi şu aşakdakylara gönükdirilýär:

1) adamyň zeper ýeten beden agzasynyň ýa-da beden ulgamynyň bozulan ýa-

da ýitirilen işiniň doly ýa bölekleýin dikeldilmegine;

Page 11: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

11

2) adamyň zeper ýeten beden agzalarynyň ýa-da beden ulgamynyň işiniň

bolup biljek bozulmalarynyň öňüniň alynmagynyň irki anyklanylmagyna we

düzedilmegine;

3) bolup biljek maýyplygyň öňüniň alynmagyna we derejesiniň

peseldilmegine;

4) adamyň bedeniniň bozulan işiniň dikeldilmegine ýa-da öweziniň

dolunmagyna.

60. Şypahana kömegi tebigy bejeriş we derman serişdeleriniň, şeýle hem

öňüni alyş çäreleriniň we bejermegiň beýleki usullarynyň ulanylmagy bilen berilýär.

Tebigy bejeriş serişdeleri - duzly gowak,bejeriji klimaty, keselleri bejermek

we olaryň öňüni almak we dynç alşy guramak üçin ulanylýan beýleki tebigy

obýektleri we şertleri öz içine alýar.

Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlara şypahana

kömegi hem-de şypahana kömeginiň berilmegi üçin lukmançylyk görkezmeler

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan

tassyklanylýan, Şypahana kömeginiň berilmeginiň tertibine, şypahana kömeginiň

berilmegi üçin lukmançylyk görkezmeleriniň sanawyna laýyklykda amala aşyrylýar

hem-de kesgitlenilýär.

61. Pulmonologiýaulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlara şypahana

kömegi berlende şypahana edaralarynyň esasy wezipeleri şular bolup durýar:

1) bejeriş, bejeriş-öňüni alyş, saglygy dikeldiş çärelerini we ilatyň dynç alşyny

häzirki zaman derejesinde guramak we geçirmek;

2) häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň we innowasion tehnologiýalaryň

esasynda ilatyň saglygyny bejermegiň we berkitmegiň dünýä ülňülerine laýyk

gelýän sagaldyş-dikeldiş usullaryny ornaşdyrmak;

3) Türkmenistanyň tebigy bejeriş serişdelerini we bejeriş-dikeldiş

serişdelerini toplumlaýyn ulanmak;

4) şypahana bejerişi şertlerinde amala aşyrylýan bejeriş-öňüni alyş çäreleriniň

aýratynlyklarynyň ilatyň saglygynyň berkemegine edýän täsirini öwrenmek;

5) şypahana-bejeriş çygrynda we ilatyň dynç alşynda halkara hyzmatdaşlygy.

62. Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlara şypahana

edaralary şypahana hyzmatlarynyň şu aşakdaky görnüşlerini edýär:

1) lukmançylyk we keseli anyklaýyş hyzmatlary;

2) klimatoterapiýa;

3) Aerionaterapiýa.

4) fizioterapiýa;

5) diýetoterapiýa;

6) fitoterapiýa;

7) dynç alşy guramak;

8) bejerişiň Türkmenistanyň bejeriş tebigy serişdeleriniň ulanylmagy

esasyndaky başga görnüşleri.

VII bap. Derman kömeginiň berilmegi

63. Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlara derman

Page 12: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

12

kömeginiň berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Şeýle hem, dermanlaryň kömegi bilen bejergi pulmonologiýakesellerini

anyklamagyň we bejermegiň kliniki beýanlary, standartlary we algoritmleri

esasynda bellenilenýär.

64. Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlara döwlet

tarapyndan kepillendirilen mugt saglygy goraýyş kömegi Türkmenistanyň

kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylan, Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet

tarapyndan kepillendirilen mugt saglygy goraýyş kömeginiň (hyzmatynyň)

sanawyna laýyklykda berilýär.

Şeýle hem, Türkmenistanyň raýatlaryna saglygy goraýyş kömegi aşakda

görkezilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylan, sanawlara we

möçberlere laýyklykda berilýär:

1) Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlara döwlet

tarapyndan kepillendirilen mugt saglygy goraýyş kömeginiň (hyzmatynyň)

sanawyna layyklykda we raýatlara bejeriş-önüni alyş işinde hem-de tejribesinde

gerek bolan kömekden (hyzmatdan) az bolmadyk möçberde berilýän saglygy

goraýyş kömeginiň (hyzmatynyň) möçberine;

2) Türkmenistanyň kanunçylyk namalaryna layyklykda döwlet saglygy

goraýyş edaralarynyň Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet tarapyndan

kepillendirilen mugt saglygy goraýyş kömeginden (hyzmatyndan) daşary edýän

tölegli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň möçberine (her bir hyzmatyň bahasyny

kesgitlemek bilen);

3) saglygy goraýşyň inçe ugurlarynda işleýän merkezi, Aşgabat şäher we

welayat edaralary derejelerinde edilyän tölegli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň

aýry-aýrylykdaky sanawlaryna we nyrhlarynyň möçberine, şeýle hem olarda

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna mugt saglygy goraýyş

kömegi (hyzmaty) bilen üpjün edilýän hassalaryň we beýleki hemaýata mätäçleriň

toparlarynyň sanawyna.

VIII bap. Pulmonologiýada gaýragoýulmasyz ýagdaýlary

65. Pulmonologiýada gaýragoýulmasyz ýagdaýlary diýip kada bolşy ýaly näsagyň

dem alyşynyň bozulmagy we gyssagly anyklaýşyň geçirilmegini hem-de

bejerilmegini talap edýän ýagdaýlar girýär.

66. Pulmonologiýada gyssagly anyklaýşyň hem-de bejerişiň geçirilmegi üçin

gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda aşakdaky çäreleri geçirmekden ybaratdyr:

1) kliniki protokollar we algoritimler boýunça hereket etmeli:

2) lukmany ilki bilen ýagdaýyň sebäpbini anyklamaga girişmeli;

3) näsaga mümkin boldugyça oňaýly oturyş ýada ýatyş ýagdaýyny

döretmeli;

4) arassa howa akymyny döretmeli;

5) kislorod dem alşa bermeli.

Lukmançylyk barlaglary - öýkenini diňlemek, perkusiýa, palpasiýa. Dem alyş

we ýürek uruş sanyny kesgitlemek, Arterial gan basyşyny ölçemek ýaly çäreleri öz

Page 13: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

13

içine alýar. Şeýle-de, deslapky kesel kesgidini goýmak we gyssagly derman

kömegini berip başlanmaga degişli. Soňra, Rentgenografiýa döş kapasasy

agzalarynyň barlagy, elektrokardiografiýa, gyssagly laborator barlaglar, inçe ugurly

hünärmenleriň maslahaty ýa-da gyssagly konsilium geçirilýär. Näsagy haýsy

bölümde bejergä ugratmaklyk kesgitlenilýär - reanimasiýa, intensiw bejeriş otagy,

pulmonologiýa, döş karasasy hirurgiýa – konsiliumyň netijesine görä kesgilenilýär.

Soňra kliniki protokollar we algoritimler boýunça bejergiler dowam etdirilýär.

IХ bap. Pulmonologiýa keselini anyklaýyş

67. Pulmonolog lukmany özüniň zerur bolan professional we gulluk

borçlaryny ýerine ýetirende, özüniň ýokary derejeli taýýarlygyna laýyklykda

differensial anyklaýyşy geçirmäge, goşmaça barlag, ýagny kesel üçin özüniň

hereketleriniň, ýerine ýetirmeli işlerini ýerine ýetirmezliginiň howply netijelerini

öňünden görmäge borçlydyr.

68. Pulmonologiýa ugrunda kesel anyklaýyş onuň usulyna görä üç görnüşe

bölünýär: lukman barlaglary, Instrumental anyklaýyş we laboratoriýa usuly.

69. Pulmonolog lukmany lukman barlaglary, anyklaýyş geçirende ilki bilen

keseliň hemme ýagdaýy bilen tanyşýar, başlan wagty, nämeden soň başlanandygy,

öň bolandygy ýa-da bolmandygy, zyýanly endikler, iş şertleri, öý şertleri, gapdaldan

gelýän keselleri, alan bejergileri, seredeniňde, esasanam näsag bilen onyň keseli

barada gürrüňdeşlik döwri sesiniň çykyş äheňi, dem alyş sesleri, üsgülewiginiň

äheňi, näçe sozi bir demde gürläp bilýändigi diňlenilýär.

70. Instrumental kesel anyklaýyş (endoskopiki, şöhlelei we ultrasessli,

bronhospokopýa, pikfloumteriýa, spirometriýa) ususllary we laborator barlaglary öz

içine alýar.

71. Bronhoskopiýa usuly - bronhlaryň içinden, öýkeneriň islendik segmentar

bronhlarynda bar bolan üýtgeşmeler, keseller, bronholitýaz, del jisimler, atelektaz,

kanser – ýagdaýlarynyň endobronhial kartinasyny hünärmeniň teswirnamasy we

surat görnüşinde bejeriş lukmanyna maglumat bermek we bioptatlar almaga kömek

berýär.

72. Pikfloumetriýa - öýkenleriň işine, hususanda howa geçiriji ýollaryň daralyş

derejesine obýektiw baha bermäge mümkinçilik berýän ýörite enjamyň –

pikfloumetriň kömegi bilen dem çykaryşyň ýokary tizligini anyklamakdan

ybaratdyr. Bornhial astmaly näsaglar üçin pikfloumetriýanyň möhüm ähmiýeti

bardyr.

73. Spirometriýa – öýken sygymyny ýa-da öýken sygymynyň üýtgemelerini

wagt ýa-da akym okuna gatnaşygy boýunça ölçemek usulydyr.

1) Spirometriýanyň görkezijileri bolmaly ululyklaryň göterimi görnüşinde

aňladýarlar. Bu maksat bilen näsagyň ýaşy, jynsy, agramy, boýy göz öňüne tutulan

kadadaky görkezijiler ulanylýar. Bu görkezijiler dem alşyň restriktiw ýa-da

obstruktiw bozulmalarynyň bardygy we olaryň aýdyňlygy barada maglumat

berýärler. Spirometriýany geçirmek üçin görkezmeler:

Page 14: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

14

a) tassyklanan ýa-da güman edilýän obstruktiw sindromly adamlarda öýken

kesellerini anyklamak;

b) bejerginiň netijeliligine gozegçilik etmek;

ç) döş kapasasynda geçiriljek emelli bejergilere taýyarlamakda dem alyş gaýra-

üzülmeleriniň howpunyň derejesine baha bermek we emelli bejergiden öň näsagyň

ýagdaýyna hassahana şertlerinde düzediş bermek üçin;

d) spirometriýanyň gorkezijileri dem alyş agzalarynyň keselleri bolan

näsagalaryň işe ukyplylygynyň wagtlaýyn ýitirilmegine, anyk şertlerdäki işe

ýarawlygyna ekspertlik baha bermekde ulanylýar.

2) Spirometriýany geçirmeklige garşy görkezmeler:

a) ýokarky dem alyş ýollarynyň ýiti ýokançlaryndan sagalmadan soň iki hepdeden

az wagtyň geçmegi (atipiki kesel doredijiler tarapyndan dörän

pnewmoniýalarda 4 hepde);

b) miokardyň ýiti infarkty (ilkinji 6 hepde);

c) ýakyn wagtda geçirilen insult (ilkinji 3 aý);

d) ýüregiň ýiti anewrizmasy;

e) ýaşaýșa howp salýan ýürek ritminiň bozulmalary;

f) ýiti gaýragoýulmasyz dem alyş ýagdaýlary, durnuksyz stenokardiýa,

dekompensirlenen süýjuli diabet, gipertireoz we başgalar).

74. Şöhleli usullary (rentgen we komýuter tomografiýasy) - öýkende we döş

kapasasynda üýtgeşmeleri ýüze çykarmak-ilkinji gezek we gaýtadan keseliň

dinamikasynda edilýär.

75. Ultrasesli usullary - döş kapasasynyň sinuslarynda üýtgeşmeler bar bolan

ýagdaýlarda (gidrotoraks, pnewmotoraks, ekssudatiw plewrit, ingiler, täze

döremeler, sepleşmeler) anyklamak üçin geçirilýär.

76. Barlagyň laboratoriýa usuly:

Pulmonologiýa kesellerinde esasy umumy kliniki barlaglar (ganyň, peşewiň,

nejasatyň umumy barlaglary, Wessermanyň barlagy, ganyň biohimiki barlagy)

funksional görkezijilerinden başgada.

Gakylygyň umumy barlagy - keseli kesgidini takyklamakda uly orny eýeleýär.

Gakylygyň inçekesele barlagy - her gün irden görkezmeleri doly berjaý edip, üç

güniň dowamynda üç gezek alynýar- bu inçekeseli anyklamak we onyň adaty-

mahsus däl öýken keselleri bölümlerine ýatyrylmazlyga ätiýaçlyk üçin hemişelik

düzgune giren barlag usulydyr.

Gakylygyň ekim barlagy: öýkeniň jerhitleme keselleriň mikrob sebäplerini

anyklamak, ýüşe çykarylan mikroorganizimleriň antibiotik derman serişdelerine

duýgyrlyk derejesini takyklamak keseliň kesgidini dogry goýmak, has oňaýly

antibakterial bejergini saýlap almakda bajyp barlag usulydyr.

Immunoferment (IFB) barlag usuly - Hlamidiý, Mikoplazma, Uroplazma,

Sitomegalowirus, Gerpes ýaly ýiti ýokançlar ýüze çykarmak uly ahmiýeti bolan

derňew usuly bolup, esasanam pnewmoniýa keseliniň kesel kesgidini dogry

goýmakda Pulmonolog lukmana kömek berýär.

Х bap. Bejeriş we iýmit

Page 15: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

15

77. Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlary bejeriş

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan

bellenilen tertipde tassyklanylýan, Saglygy goraýyş edaralarynda uly ýaşly adamlara

pulmonologiýa boýunça berilýän pulmonologiki kömeginiň hil standartlaryna

laýyklykda amala aşyrylýär. Bejergi pulmonologiýakesellerini anyklamagyň we

bejermegiň kliniki beýanlary, standartlary we algoritmleri esasynda bellenilenýär. 78. Pulmonologiýa kesellerinde berhizleriň we iýmitlenmegiň düzgünleriniň

esasy maksady iýmitlenmegi bir kada getirip, onuň dem alyş ulgamyna agyr täsirini

azaltmak bolup durýar. Pulmonologiýa kesellerinde näsaglara berhiz tutmaklyk

maslahat berilýär. Pulmonologiýa kesellerinde berhizler

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2017-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda

1099 belgi bilen döwlet belligine alnan, “Sagaldyş iýmiti bellenilýän raýatlaryň

toparlarynyň Sanawyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Saglygy goraýyş

we derman senagaty ministriniň 2017-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda çykaran 286

belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Sagaldyş iýmiti bellenilýän raýatlaryň

toparlarynyň Sanawyna laýyklykda bellenilýär. Pulmonologiýa kesellerinde

näsaglara Saçak №10 bellenilýär. Berhiziň bu görnüşiniň aýratynlygy berhiziň bu

görnüşinde rugsat berilýän iýmitleriň köpdürliligidir. Saçak №10 laýyklykda, dürli

saçaga degişli iýmit önümler maslahat berilýär, emma ýiti jazlar (priprawa), berk

gaýnadylan çorbalary, ýagly naharlary, spirtli içgileri, berk demlenen çaýy, kofýany,

eti we duzy çäklendirmelidir, köke, süýt önümleri we noýbalar, düzüminde fosfor

duzy bolan iýmitler rugsat berilýär. Gadagan edilýän iýmit önümleri şulardyr: ýiti

ys berýän önümler, ýagly ganadylan çorbalar, kakadylan önümler, ýagly gowrulan,

esasan hem pulmonologiýaulgamyny gyjyndyrýan etden öndürilen önümler, spirtli

içgiler, kofe, çaýy, eti we duzy biraz çäklendirmelidir. Naharlary gaýnatmak ýa-da

buglamak usulynda taýýarlamak maslahat berilýär.

79. Pulmonologiýa kesellerinde berhizleriň we iýmitlenmegiň düzgünleriniň

esasy maksady iýmitlenmegi bir kada getirip, onuň dem alyş ulgamyna agyr täsirini

azaltmak bolup durýar. Pulmonologiýa kesellerinde näsaglara berhiz tutmaklyk

maslahat berilýär. Pulmonologiýa kesellerinde berhizler Türkmenistanyň Adalat

ministrligi tarapyndan 2017-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda 1099 belgi bilen döwlet

belligine alnan, “Sagaldyş iýmiti bellenilýän raýatlaryň toparlarynyň Sanawyny

tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty

ministriniň 2017-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda çykaran 286 belgili buýrugy bilen

tassyklanylan, Sagaldyş iýmiti bellenilýän raýatlaryň toparlarynyň Sanawyna

laýyklykda bellenilýär. Pulmonologiýa kesellerinde näsaglara Saçak №10

bellenilýär. Berhiziň bu görnüşiniň aýratynlygy berhiziň bu görnüşinde rugsat

berilýän iýmitleriň köpdürliligidir. Saçak №10 laýyklykda, dürli saçaga degişli

iýmit önümler maslahat berilýär, emma ýiti jazlar (priprawa), berk gaýnadylan

çorbalary, ýagly naharlary, spirtli içgileri, berk demlenen çaýy, kofýany, eti we duzy

çäklendirmelidir, köke, süýt önümleri we noýbalar, düzüminde fosfor duzy bolan

iýmitler rugsat berilýär. Gadagan edilýän iýmit önümleri şulardyr: ýiti ys berýän

önümler, ýagly ganadylan çorbalar, kakadylan önümler, ýagly gowrulan, esasan hem

Page 16: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

16

pulmonologiýaulgamyny gyjyndyrýan etden öndürilen önümler, spirtli içgiler, kofe,

çaýy, eti we duzy biraz çäklendirmelidir. Naharlary gaýnatmak ýa-da buglamak

usulynda taýýarlamak maslahat berilýär.

80. Pulmonologiýa kesellerinde berhizleriň we iýmitlenmegiň düzgünleriniň esasy

maksady iýmitlenmegi bir kada getirip, onuň dem alyş ulgamyna agyr täsirini

azaltmak bolup durýar. Pulmonologiýa kesellerinde näsaglara berhiz tutmaklyk

maslahat berilýär. Pulmonologiýa kesellerinde berhizler Türkmenistanyň Adalat

ministrligi tarapyndan 2017-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda 1099 belgi bilen döwlet

belligine alnan, “Sagaldyş iýmiti bellenilýän raýatlaryň toparlarynyň Sanawyny

tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty

ministriniň 2017-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda çykaran 286 belgili buýrugy bilen

tassyklanylan, Sagaldyş iýmiti bellenilýän raýatlaryň toparlarynyň Sanawyna

laýyklykda bellenilýär. Pulmonologiýa kesellerinde näsaglara Saçak №10

bellenilýär. Berhiziň bu görnüşiniň aýratynlygy berhiziň bu görnüşinde rugsat

berilýän iýmitleriň köpdürliligidir. Saçak №10 laýyklykda, dürli saçaga degişli

iýmit önümler maslahat berilýär, emma ýiti jazlar (priprawa), berk gaýnadylan

çorbalary, ýagly naharlary, spirtli içgileri, berk demlenen çaýy, kofýany, eti we duzy

çäklendirmelidir, köke, süýt önümleri we noýbalar, düzüminde fosfor duzy bolan

iýmitler rugsat berilýär. Gadagan edilýän iýmit önümleri şulardyr: ýiti ys berýän

önümler, ýagly gaýnadylan çorbalar, kakadylan önümler, ýagly gowrulan, esasan

hem pulmonologiýa ulgamyny gyjyndyrýan etden öndürilen önümler, spirtli içgiler,

kofe, çaýy, eti we duzy biraz çäklendirmelidir. Naharlary gaýnatmak ýa-da

buglamak usulynda taýýarlamak maslahat berilýär.

ХI bap. Pulmonologiýa kesellerinde bejeriş bedenterbiýe

80. Bejeriş maşklary näsagyň idegi bilen utgaşdyrylmalydyr. Sapaklardan

öňünçä bejeriş maşk otaglary we näsag otaglary şemallandyrmalydyr. Sapaklar

eýwanlarda, penjireleriň we penjire gözleriniň açyklygynda geçirilmelidir. Näsaglar

ýeňil sport eşiklerinde meşgullanmalydyrlar. Eger-de, näsag ýarym düşek tertibinde

bolsa, onda ony sapaklara taýýarlamak zerurdyr, munuň üçin onuň ýapynjasyny

aýyrmaly, düşegini dogurlamaly we ýassyklary dogry ýerleşdirmeli ýa-da

artykmajyny aýyrmaly.

81. Irdenki gigiýena maşky ukydan soňra, ertirlige çenli ir bilen geçirilýär.

Näsaglar bilen sapagy sagaldyş bedenterbiýäniň usulçysy ýa-da otag şepagat uýasy

geçirýär. Maşkyň dowamlylygy 8-10-20 minut bolmalydyr. Irki maşkyň toplumy 8-

12-den gowrak maşklary öz içine almalydyr, olaryň her biri 3-den 6-8 gezek

gaýtalanmalydyr.

82. Bejeriş maşklary sagaldyş bedenterbiýäniň esasy görnüşidir. Bejeriş

maşklarynyň iki usuly ulanylýar: şahsy we toparlaýyn.

83. Bejeriş maşkynyň dersleri giriş, esasy we gutardyş bölekleri öz içine alýar.

84. Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlar bejeriş

maşkynyň giriş bölümi näsagy yzygiderli fiziki maşklary ýerine ýetirmäge

taýýarlygy göz öňünde tutýar. Näsaga sapagyň maksady düşündirilýär, pulsy

Page 17: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

17

sanalýar, dem alyş, dikeldiş we taýýarlaýyş maşklary geçirilýär. Sapagyň bu

böleginiň dowamlylygy 5-10 minut bolmalydyr.

85. Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlar bejeriş

maşkynyň esasy bölümi näsagyň bedenine umumy we ýörite täsirini ýetirýän fiziki

maşklary öz içine alýandyr. Olaryň maksady-dem alyşy funksiýasyny sazlamak we

dikeltmekdir, şeýle hem, näsaga hereket endiklerini almaga, ýaşaýyş şertlerine fiziki

taýýarlygyny we uýgunlaşmagyny ýokarlandyrmaga ýardam bermekdir. Esasy

bölümiň dowamlylygy 25-30 minutdyr.

86. Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlar bejeriş

maşkynyň gutardyş bölümi umumy ýüküň, dem alyş ulgamlarynyň işjeňliginiň kem-

kemden peselmegine getirilmegine, emosional dartgynlylygyny peseltmäge we

näsagy öňki ýagdaýyna getirmäge gönükdirilendir. Bu bölümiň dowamlylygy 5-10

minutdyr.

87. Sapagyň meselesini lukman kesgitleýär. Sapaklar geçirilende, sapagyň

dowamynda pulsyň we dem alyş sanynyň ýygylygynyň üýtgemegini fiziologiki

üýtgeme diýlip atlandyrylma esasynda agyrlygy sazlanylýar. Sapak dogry

geçirilende pulsyň ýokary tizleşmesi, ýürek ýygrylmagyň öňki datrgynlygyndan 50

göteriminden, dem alyş sanynyň 25 göterimden ýokary bolmaly däldir.

88. Bejeriş bedenterbiýesiniň sapagynyň usulyndaky wajyp şertler,

görkezijileriň ýanynda kesgitlenilýän fiziki agyrlygyň derejelerine bölünmesine

eýedir. Yzygiderlilik ýörelgesi esasynda gurulýan fiziki maşklaryň saýlanyşy:

ýönekeýden çylşyrymla. Fiziki maşklaryň dowamlylygy, näsagyň ony ýerine

ýetirmek üçin sarp eden wagty bilen kesgitlenilýär. Gaýtalanma sany keseliň

häsiýetlenmesi we maşklaryň aýratynlyklary boýunça kesgitlenilýär. Umumy

berkidiji görnüşli maşklary maksada laýyk şekilde 5-6 gezek gaýtalamalydyr.

89. Hereketleriň ýuwaş, orta we çalt depginini tapawutlandyrýarlar.

Hereketiň ýuwaş depgininde maşklar 4 hasapda amala aşyrýarlar, orta depgininde

2, çalt depgininde 1 hasapda amala aşyrylýar. Herekediň depgininiň saýlanyşy

keseliň geçiş aýratynlygyna, näsagyň ýaşyna we onuň şahsy aýratynlyklaryna

baglydyr. Şeýle hem, fiziki maşklaryň agyrlygyny sazlamak üçin onuň

çylşyrymlylyk derejesini, şeýle edilmegi herekediň dürs ýerine ýetirilişine ýardam

berýär. Hereketleriň çylşyrymlylyk derejesi agyrlygyň ýokarlanmagyna täsir edýär.

Hereketleri we bedeniň işjeň mümkinçilikleriniň özleşdirilmegine görä olary kem-

kemden kynlaşdyrmaly.

90. Hereketleriň sazlaşyklylygy gan, limfoaýlanyşygyny we dem alyşy

gowulandyrýar we ýadawlygy peseldýar.

91. Pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlar özbaşdak

meşgullanmaklary bejeriş bedenterbiýaniň bir gönüşi bolup durýar. Näsaga günüň

dowamynda bir näçe gezek gaýtalamaly maşklaryň toplumy saýlanylýar. Keseliň

aýrtynlyklaryna baglylykda maşklar toplumyna 2-3 den 10-15 minuda çenli wagt

sarp edilýär.

92. Dem saklamak maşky dem alyşyň sazlaşygyny dikeltmäge ýardam berýär.

Giňeldilen tertip bejeriş bedenterbiýesiniň ähli serişdelerini ulanmaga mümkinçilik

berýär.

Page 18: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

18

93. Bejeriş bedenterbiýesi, bejeriş bedenterbiýe sapaklary bilen meşgullanýan

näsagyň zähmete ukyplylygynyň dikeldilmegine ýardam bermelidir we dikeldişiň

esasy serişdeleriniň biri bolup hyzmat etmelidir.

94. Pulmonologiýada bejeriş bedenterbiýe birnäçe düzgünlere eýedir, olary

berjaý etmek, bu usuly has hem peýdaly edýär. Bejeriş bedenterbiýäniň irki

ulanylyşy, onuň serişdelerini we usullaryny wagtlaýyn bozulan dem alyş

funksiýasyny dikeltmek üçin ulanylmagy,dem alyş maşklary bilen utgaşyklykda

ýörite maşklary saýlamakdan ybaratdyr. Bejeriş bedenterbiýe näsagyň keseline,

ýaşyna we jynsyna baglylykda, ýatyş ýagdýayndan oturyş, duruş ýagdaýyna çenli

geçmekde ýardam berýär.

95. Ýörite maşklary şert bilen şu aşakdaky toparlara bölmek mümkin:

1) Dem alyş maşky - “Diafragmal dem alyş”:

a) diafragmal dem alyşy gözegçilikde saklamak üçin bir eliňi garnyň, beýlekini

bolsa döşüň üstünde goýmak;

b) haýal we çuňňur burundan dem almak;

ç) garyn içine çekilip gysylan dodakdan demi çykarmak;

d) şu maşky 1 minutyň dowamynda gaýtalap, soňra 2 minut dynç almak;

e) dem alyş maşkyny günde birnäçe gezek gaýtalamak (nahardan we ýatmazdan

öň). Dem alyş maşkyň dowamlylygyny ýuwaş-ýuwaşdan 5 minuta çenli

köpeldilýär.

2) Dem alyş maşky - “Ýumulan dodakdan dem alyş dem çykaryşda garşylykly dem

alyş”:

a) gül ysgaýan ýaly burundan dem almak;

b) ýumulan dodakdan haýallyk bilen dem çykaryp, “Şeýle ýagdaýda bronhlaryň

we traheýalyň içinde basyş ýokarlanýar;

ç) dem alyşda 3-e we çykaryşda 7-ä çenli sanamak.

Bu dem alyş maşky beýleki maşklar bilen (ýöremek we başgalar) utgaşdyrmak

peýdaly.

ХII bap. Pulmonologiýada reabilitasiýa

97. Dowamly pulmonologiýa keselli näsaglara (Bronhial astma, Öýkeniň

dowamly obstruktiw keselinde) reabilitasiýa bellenilýär.

98. Pulmonologiýa ulgamynda näsaglaryň dikeldişi, bejeriş bedenterbiýesi

boýunça diňe bir tälimçileriň däl-de, eýsem döwrebap komýuter tehniki

toplumlaryny ulanmak bilen dem alyş işjeňliginiň tapgyrlaýyn uzak dowamly

basgançakly türgenleşigini göz öňünde tutýar.

Page 19: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

19

Pulmonologiýa ulgamynda näsaglaryň dikeldişinde ýzygiderli reabilitasiýa

näsagyň ýaşaýyş-durmuş işjeňligini dikeltmek we türgenleşdirmek möhüm bolup

durýar.

Şunuň bilen bagly, aşakdaky çäreler amala aşyrylýar:

1) pulmonologiki reabilitasiýa boýunça bölümlere ýerleşdirmek;

2) multidissiplinar toparlaryny döretmek we okatmak;

3) dikeldiş çärelerini ir başlamak;

4) esasy ýörelgeleri berjaý etmek (üznüksizlik, intensiwlik, dowamlylyk);

5) dikeldiş bejerginiň dürli tapgyrlarynda dikeldiş hadysalaryna toplumlaýyn

çemeleşmek;

6) dikeldiş boýunça lukmançylyk kömegini bermegiň bir nusga getirilen kliniki

teswirnamasyny berjaý etmek;

7) özbaşdak tewsirnamalary döretmek;

8) kliniki tejribesine işjenligiň, ýaşaýşa ukyplylygyň we sagdyn durmuş

ýörelgesiniň Halkara ülňülerini girizmek;

9) dem alyş funksiýasyny dikeldiş boýunça hünärmenleri taýýarlamak;

10) durmuş-psihologiýa, ýaşaýyş-durmuş we zähmet meselelerini çözmek;

11) saglygy goraýyş-durmuş goldawy.

ХIV bap. Pulmonolog lukmanynyň otagynyň işini guramak

99. Saglygy goraýyş edarasynyň ilkinji ýöriteleşdirilen lukmançylyk-

sanitariýa kömegini amala aşyrýan pulmonololog lukmanynyň otagynyň işi şu

bapda görkezilen tertipde guralýar.

100. Pulmonolog lukmanyň otagy saglygy goraýyş edarasynyň düzüm birligi

hökmünde döredilýär. Pulmonolog lukmanyň otagynyň saglygy goraýyş we beýleki

işgärleriniň sany Pulmonolog lukmanyň otagy döredilen saglygy goraýyş

edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan geçirilýän bejeriş-anyklaýyşyň iş möçberine we

hyzmat edilýän ilatyň sanyna baglylykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we

derman senagaty ministri tarapyndan tassyklanylýan, lukman pulmonologyň

otagyna teklip edilýän wezipe birlikleriniň sanawyny göz öňünde tutup,

Türkmenistanda edara-kärhanalaryň wezipe sanawlaryny tassyklamagyň we

ylalaşmagyň kanunçylykda bellenilen tertibine laýyklykda kesgitlenilýär.

101. Pulmonolog lukmanyňyň otagynyň Pulmonolog lukman wezipesine,

saglygy goraýyş ugry boýunça ýokary bilimli we Pulmonologiýa ugry boýunça

ýörite hünär kämilleşdiriş okuwyny geçen hünärmen bellenilýär.

102. Pulmonolog lukmanyň otagyna ýörite orta lukmançylyk bilimi bolan

işgärler şeýle hem, lukmanlar işe bellenilende saglygy goraýyş ulgamynda

ýolbaşçylara, hünärmenlere we beýleki işgärlere bildirilýän hünär kämilleşdiriş

düzgünleriniň talaplary berjaý edilmelidir. Olar bellenilen tertipde hünärlerini

ýokarlandyrmalydyrlar. Degişli saglygy goraýyş edaralary Türkmenistanyň Saglygy

goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan kesgitlenilýän şertlerde we tertipde

işgärleriň hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygyny we hünäriniň

ýokarlandyrylmagyny geçirýärler.

Page 20: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

20

103. Pulmonolog lukmanyň otagynyň esasy işi şulardan ybaratdyr:

1) Pulmonologiýa ulgamynyň keseli bilen kesellän adamlara gözegçilik,

anyklaýyş, bejergi geçirmek;

2) lukmançylyk görkezmesi bolanda, pulmonologiýa ulgamynyň keselleri

bilen kesellän näsaglary ýöriteleşdirilen, şol sanda ýokary tehnologiýaly saglygy

goraýyş kömegini bermek üçin niýetlenen saglygy goraýyş edaralaryna ugratmak;

3) lukmançylyk görkezmesi bolanda, pulmonologiýa ulgamynyň keselleri

bilen kesellän adamlary döş kapasasy hirurg lukmanyna we beýleki lukmanlara-

hünärmenlere ugratmak;

4) pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlary kliniki-

anyklaýyş otaga we ýöriteleşdirilen Pulmonologiýa merkezine ugratmak;

5) pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän adamlary saglygy

goraýyş dikeldişe we şypahana bejergisine ugratmak;

6) wagtlaýyn zahmete ukypsyzlygy bilermenler seljermesini geçirmäge

gatnaşmak;

7) zähmete ukyplylygy durnukly ýitirilende saglygy goraýyş-sosial

bilermenler seljermesini geçirmek üçin näsaglary hemaýata mätäçiligi anyklaýjy

topara ugratmaga gatnaşmak;

8) pulmonologiýa ulgamynyň keselleri boýunça saglygy goraýyş kömegini

bermek babatdaky soraglar boýunça saglygy goraýyş edaralarynyň beýleki

bölümleriniň lukmanlaryna maslahat kömegini bermek;

9) amalyýetde, pulmonologiýa ulgamynyň kesellerini anyklamak, bejermek

we öňüni almak barada täze usullary girizmek;

10) ýöredilşi, Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan göz öňünde tutulan,

hasabat we hasaba alyş resminamalary ýöretmek, hasabatlary bermek, hasaba

alyjylar üçin maglumatlary ýygnamak.

104. Otagyň abzallaşdyrylmagy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman

senagaty ministri tarapyndan tassyklanylýan, Pulmonolog lukmanyň otagyny we

kliniki-anyklaýyş otagyny lukmançylyk enjamlary we saglygy goraýyş maksatly

serişdeler bilen üpjün etmegiň Standartynda göz öňünde tutulan kadalara laýyklykda

geçiriýär.

ХV bap. Kliniki-anyklaýyş otagynyň işini guramak

105. Kliniki-anyklaýyş otagynyň işini guramak şu bapda bellenilen

tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.

106. Kliniki- anyklaýyş otagy pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen

kesellän adamlara ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini berýän we düzüminde

lukman - pulmonolog, lukman - fizioterapewt, lukmançylyk reabilitasiýasy boýunça

lukman, bejeriş bedenterbiýe boýunça ugrukdyryjy, şeýle hem düzüminde

funksional anyklaýyş we bejeriş bedenterbiýe bölümleri bolan, saglygy goraýyş

edaralarynyň düzüm birligidir.

107. Kliniki- anyklaýyş otagynyň saglygy goraýyş we beýleki işgärleriniň

sany Kliniki-anyklaýyş otagy döredilen saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysy

Page 21: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

21

tarapyndan geçirilýän bejeriş-anyklaýyşyň iş möçberine we hyzmat edilýän ilatyň

sanyna baglylykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri

tarapyndan tassyklanylýan, Kliniki-anyklaýyş otagyna teklip edilýän wezipe

birlikleriniň Sanawyny göz öňünde tutup, Türkmenistanda edara-kärhanalaryň

wezipe sanawlaryny tassyklamagyň we ylalaşmagyň kanunçylykda bellenilen

tertibine laýyklykda kesgitlenilýär.

108. Kliniki- anyklaýyş otagy özüniň işini üpjün etmek üçin saglygy goraýyş

edarasynyň ýolbaşçysynyň razylygy bilen şol edaranyň kesel bejeriş-anyklaýyş we

kömekçi bölümçeleriniň mümkinçiliklerini peýdalanyp biler.

109. Kliniki-anyklaýyş otagynyň lukman Pulmonolog wezipesine, saglygy

goraýyş ugry boýunça ýokary bilimli we Pulmonologiýa ugry boýunça ýörite hünär

kämilleşdiriş okuwyny geçen hünärmen bellenilýär.

110. Pulmonolog lukmanyň otagyna orta lukmançylyk bilimi bolan işgärler

şeýle hem, lukmanlar işe bellenilende saglygy goraýyş ulgamynda ýolbaşçylara,

hünärmenlere we beýleki işgärlere bildirilýän hünär kämilleşdiriş düzgünleriniň

talaplary berjaý edilmelidir. Olar bellenilen tertipde hünärlerini

ýokarlandyrmalydyrlar.

111. Degişli saglygy goraýyş edaralary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we

derman senagaty ministri tarapyndan kesgitlenilýän şertlerde we tertipde işgärleriň

hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny

geçirýärler.

112.Kliniki- anyklaýyş otagynyň ýerine ýetirýän işleri şulardan ybaratdyr:

1) pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän näsaglara anyklaýyş,

bejergi geçirmek, dispanser gözegçilik we dinamiki gözegçilik etmek;

2) pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän näsaglary

ýöriteleşdirilen, şol sanda ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegini bermek

üçin niýetlenen saglygy goraýyş edaralaryna ugratmak;

3) pulmonologiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän näsaglary lukmançylyk

reabilitasiýasyna we şypahana bejergisine we beýleki hünärmenleriň maslahatyna

ugratmak;

4) pulmonologiýa ulgamynyň kesellerini anyklamak we bejermek babatda

Pulmonolog lukmanlaryna maslahat hem-de guramaçylyk-usulyýet kömegini

bermek;

5) kliniki, okuw we ylmy-barlag edaralary we ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş

edaralary bilen özara işleşmek;

6) amalyýetde, pulmonologiýa ulgamynyň kesellerini anyklamakda,

bejermekde we öňüni almakda täze häzirki zaman usullary girizmek;

7) näsaglaryň we olaryň garyndaşlarynyň arasynda pulmonologiýa

keselleriniň öňüni alyş çäreleri boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmek;

8) hasabat we hasaba alyş resminamalary ýöretmek, hasabatlary bermek,

hasaba alyjylar üçin maglumatlary ýygnamak.

113. Kliniki-anyklaýyş otagynyň abzallaşdyrylmagy Türkmenistanyň

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan tassyklanylýan,

Pulmonolog lukmanyň otagyny we kliniki-anyklaýyş otagyny lukmançylyk

Page 22: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

22

enjamlary we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmegiň Standartynda

göz öňünde tutulan kadalara laýyklykda geçirilýär.

ХVI bap. Pulmonologiýa bölüminiň iş tertibini guramak

114. Saglygy goraýyş kömegini berýän lukmançylyk edarasynyň

Pulmonologiýa bölüminiň işini guramak şu bapda bellenilen tertibe laýyklykda

amala aşyrylýar.

115. Pulmonologiýa bölümi pulmonologiýa ulgamynyň keseli bilen

kesellän näsaglara ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini berýän saglygy

goraýyş edarasynyň düzüm birligi bolup durýar.

116. Pulmonologiýa bölüminiň saglygy goraýyş we beýleki işgärleriniň sany

pulmonologiýa bölüminiň döredilen saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysy

tarapyndan geçirilýän bejeriş-anyklaýyşyň iş möçberine we hyzmat edilýän ilatyň

sanyna baglylykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri

tarapyndan tassyklanylýan, pulmonologiýa bölüminiň we pulmonologiýa

merkeziniň teklip edilýän wezipe birlikleriniň Sanawyny göz öňünde tutup,

Türkmenistanda edara-kärhanalaryň wezipe sanawlaryny tassyklamagyň we

ylalaşmagyň kanuncylykda bellenilen tertibine laýyklykda kesgitlenilýär.

117. Pulmonologiýa bölüminiň ýolbaşçysy wezipesine we pulmonolog

wezipesine saglygy goraýyş ugry boýunça ýokary bilimli we pulmonologiýa ugry

boýunça ýörite hünär kämilleşdiriş okuwyny geçen hünärmen bellenilýär.

Pulmonolog lukmanyň otagyna ýörite orta lukmançylyk bilimi bolan işgärler şeýle

hem, lukmanlar işe bellenilende saglygy goraýyş ulgamynda ýolbaşçylara,

hünärmenlere we beýleki işgärlere bildirilýän hünär kämilleşdiriş düzgünleriniň

talaplary berjaý edilmelidir. Olar bellenilen tertipde hünärlerini

ýokarlandyrmalydyrlar.

118. Degişli saglygy goraýyş edaralary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we

derman senagaty ministri tarapyndan kesgitlenilýän şertlerde we tertipde işgärleriň

hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny

geçirýärler.

119. Pulmonologiýa bölüminiň düzüminde şu aşakdakylary göz öňünde

tutmak maslahat berilýär:

1) bölüm müdiriň otagy;

2) lukmanlar üçin otag;

3) inagalýasiýa geçirilýän otag;

4) “Galloterapiýa” otagy;

5) bejeriş bedenterbiýe bilen özbaşdak meşgullanmak üçin otag;

6) “Astma mekdebiniň” otagy;

7) funksional anyklaýyş otagy;

8) sanjym otagy.

120. Pulmonologiýa bölüminde göz öňünde tutmak maslahat berilýär:

1) näsaglar üçin otaglar;

2) näsaglara seretmek üçin otaglar;

Page 23: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

23

3) trenažer zal;

4) lukmançylyk işgärleri üçin otag;

5) baş şepagat uýasynyň otagy;

6) lukmançylyk enjamlary saklanýan otag;

7) hojalyk uýasynyň otagy;

8) bufet we nahar paýlanýan otag;

9) arassa düşek daşlary üçin otag;

10) hapa düşek daşlary ýygnalýan otag;

11) lukmançylyk işgärleri üçin duş we tualaet;

12) näsaglar üçin duş we tualaet;

13) sanitar otagy;

14) näsaglary soramaga gelýänler üçin otag;

15) okuw otagy;

16) näsaglar gündiz bolar ýaly ýer (holl).

121.Pulmonologiýa bölüminiň abzallaşdyrylmagy Türkmenistanyň Saglygy

goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan tassyklanylýan, Pulmonologiýa

bölümini we Pulmonologiýa merkezini lukmançylyk enjamlary we saglygy goraýyş

maksatly serişdeler bilen üpjün etmegiň Standartynda göz öňünde tutulan kadalara

laýyklykda geçiriýär.

122. Pulmonologiýa bölümi özüniň işini üpjün etmek üçin saglygy goraýyş

edarasynyň ýolbaşçysynyň razylygy bilen şol edaranyň kesel bejeriş-anyklaýyş we

kömekçi bölümçeleriniň mümkinçiliklerini peýdalanyp biler.

123. Pulmonologiýa bölüminiň esasy ýerine ýetirýän işleri şulardan

ybaratdyr:

1) pulmonologiýa ulgamynyň keseli bilen kesellän näsaglara ýatymlaýyn

bejergi şertlerinde ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini bermek;

2) özüne hyzmat edip bilýän pulmonologiýa ulgamynyň keseli bilen

kesellän adamlara lukmançylyk görkezmelerini kesgitläp, olary ýöriteleşdirilen

saglygy goraýyş edaralaryna lukmançylyk reabilitasiýasyny kömegini bermek üçin

ugratmak;

3)saglygy goraýyş edarasynyň intensiw terapiýa we reanimasiýa bölümindäki

pulmonologiýa ulgamynyň keseli bilen kesellän adamlara lukmançylyk maslahat

kömegini bermek;

4) pulmonologiýa ulgamynyň keselleriniň öňüni almak, anyklamak we

bejermek meseleleri boýunça saglygy goraýyş eadaralarynyň beýleki bölümleriniň

lukmanlaryna maslahat kömegini bermek;

5) zerur bolan ýagdaýynda wagtlaýyn işe ukypsyzlyk seljermesini geçirmäge

gatnaşmak;

6) pulmonologiýaulgamynyň keselleriniň öňüni almak we pulmonologiýa

keselleriň gaýraüzülmesi bolan näsaglaryň uýgunlaşmagyny üpjün etmek üçin okuw

sapaklaryny işläp düzmek we girizmek;

7) hasabat we hasaba alyş resminamalary ýöretmek, hasabatlary bermek,

hasaba alyjylar üçin maglumatlary ýygnamak.

124. Pulmonologiýa bölümi orta lukmançylyk mekdepleriň, lukmançylyk

Page 24: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

24

uniwersitetiniň hem-de ýöriteleşdirilen hünär kämilleşdiriş edaralarynyň, şeýle hem

pulmonologiýa ulgamynyň keseli bilen kesellän adamlara lukmançylyk kömegini

berýän ylmy okuw edaralary hökmünde ullanylyp bilner.

ХVII bap. Ýöriteleşdirilen pulmonologiýa merkeziniň işini guramak

125. Ýöriteleşdirilen Pulmonologiýa merkezi pulmonologiýa ulgamynyň

keseli bilen kesellän adamlara, ýöriteleşdirilen, şol sanda ýokary tehnologiýaly

kömegi berýän, özbaşdak saglygy goraýyş edara hökmünde ýa-da öz düzüminde

lukmançylyk reabilitasiýasy bölümi we birden köp Pulmonologiýa bölümi bolan,

saglygy goraýyş edarasynyň bölümi hökmünde döredilýär .

126. Saglygy goraýyş edarasynyň düzüminde döredilýän ýöriteleşdirilen

Pulmonologiýa merkezine ýörite hünärmen, şol edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan

wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.

127. Ýöriteleşdirilen Pulmonologiýa merkeziň ýolbaşçysy, onuň Bölüminiň

ýolbaşçysy, Pulmonolog lukmany wezipesine, saglygy goraýyş ugry boýunça

ýokary bilimli we Pulmonologiýa ugry boýunça ýörite hünär kämilleşdiriş okuwyny

geçen hünärmen bellenilýär.

128. Pulmonolog lukmanyň otagyna orta lukmançylyk bilimi bolan işgärler

şeýle hem, lukmanlar işe bellenilende saglygy goraýyş ulgamynda ýolbaşçylara,

hünärmenlere we beýleki işgärlere bildirilýän hünär kämilleşdiriş düzgünleriniň

talaplary berjaý edilmelidir. Olar bellenilen tertipde hünärlerini

ýokarlandyrmalydyrlar.

129. Degişli saglygy goraýyş edaralary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we

derman senagaty ministri tarapyndan kesgitlenilýän şertlerde we tertipde işgärleriň

hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny

geçirýärler.

130. Ýöriteleşdirilen pulmonologiýa merkeziň saglygy goraýyş we beýleki

işgärleriniň sany pulmonologiýa bölüminiň döredilen saglygy goraýyş edarasynyň

ýolbaşçysy tarapyndan geçirilýän bejeriş-anyklaýyşyň iş möçberine we hyzmat

edilýän ilatyň sanyna baglylykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman

senagaty ministri tarapyndan tassyklanylýan, Pulmonologiýa bölüminiň we

Pulmonologiýa merkeziniň teklip edilýän wezipe birlikleriniň Sanawyny göz

öňünde tutup, Türkmenistanda edara-kärhanalaryň wezipe sanawlaryny

tassyklamagyň we ylalaşmagyň kanunçylykda bellenilen tertibine laýyklykda

kesgitlenilýär.

131.Ýöriteleşdirilen pulmonologiýa merkeziň abzallaşdyrylmagy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan

tassyklanylýan, pulmonologiýa bölümini we pulmonologiýa merkezini

lukmançylyk enjamlary we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmegiň

Standartynda göz öňünde tutulan kadalara laýyklykda geçiriýär.

132. Saglygy goraýyş edarasynda döredilen ýöriteleşdirilen pulmonologiýa

merkez ýolbaşçysynyň buýrugy bilen edaranyň düzümindäki bejergi-anyklaýyş we

goşmaça bölümlerinden hem peýdalanyp biler.

133. Ýöriteleşdirilen pulmonologiýa merkeziň esasy ýerine ýetirýän işleri:

Page 25: keselleri · 2020. 8. 6. · 2 Türkmenistanyň Saglygy goraýy we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň ---nji ----- çykaran ----- buýrugy bilen tassyklanyldy Pulmonologiýa

25

1) pulmonologiýa ulgamynyň keseli bilen kesellän adamlara gündüzki

ýatymlaýyn we gatnaw şertlerinde ýöriteleşdirilen kömegi bermek;

2) pulmonologiýa ulgamynyň keseli bilen kesellän adamlara dinamikada

gözegçilik etmek;

3) pulmonologiýa ulgamynyň kesellerinden ölümçilik we maýyplyk boýunça

keselçiligiň lukmançylyk- statistikasynyň seljermesini we monitoringini geçirmek;

4) dürli hünärli lukmanlara pulmonologiýa ulgamynyň keselleri boýunça

maslahatlary gurnamak;

5) hasabat we hasaba alyş resminamalary ýöretmek, hasabatlary bermek,

hasaba alyjylar üçin maglumatlary ýygnamak.

134.Ýöriteleşdirilen pulmonologiýa merkezi orta lukmançylyk mekdepleriň,

lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de ýöriteleşdirilen hünär kämilleşdiriş

edaralarynyň, şeýle hem pulmonologiýa ulgamynyň keseli bilen kesellän adamlara

lukmançylyk kömegini berýän ylmy okuw edaralary hökmünde ullanylyp bilner.