7
Ilat akmak bolsa akylly şäheriň peýdasy ýok! Gutlymyrat Ýegendurdyýew

Ilat akmak bolsa akylly şäheriň peýdasy ýok

Embed Size (px)

Citation preview

Ilat akmak bolsa akylly şäheriň peýdasy ýok!Gutlymyrat Ýegendurdyýew

Akylly we intelligent sözleriniň manysy göräýmäge meňzeş ýaly. Ýöne bu sözleri şäherlerisypatlandyrmak üçin ulanjak bolsak manylarynyň üýtgeýänini göreris.

Akylly şäher diýlip tebigaty kirletmeýän we şäheriň içki problemalaryny çözmekdetehnologiýalary giňden ulanýan şäherlere diýilýär. Akylly şäherlerde iň täze we arassa transport serişdeleri ulanylýar. Öýlerden we kärhanalardan howany kirledip biljek gazlar çykmaýar. Çünki

olar arassa energiýa arkaly işleýärler.

Pul bolsa akylly şäherleridöretmek kyn däl. Meselem Birleşen Arap Emirlikleri 2008-nji ýyldan bäri Abu Dabiniňýakynlarynda Masdar atly akyllyşäheriň gurluşygyny alyp barýar.

22 milliard dollarlyk şäher hiç hilikirli howa öndürmeýär. Şäherdedünýäniň iň arassa tehnologiýalyserişdeleri işleýär.

about.me/gutly

Ýewropa Bileleşiginiň hem ýörite "Akylly şäher" inisiatiwasy bar. ÝB 2020-nji ýylaçenli energiýa sarp edijiligini we kirli maddalaryň howa goýberilmegini azaltmak isleýär.

Şeýle proýektler gaty uly emläk talap edýär. Häzirki tehnologiki şertlerde bular gatygymmat düşýär. Örän ösen tehnologiýalargerek. Kelleli inženerler tarapyndan ösenkompýuter programmalarynda döredilensensorlar, aktuatorlar (приводы) weserwerler gerek.

Ýöne iň esasysy, intelligent jemgyýet gerek. Intelligent jemgyýet kelleli adamlardan düzülen topardyr. Kelleli adamlar häzir gymmat bolanýokarda aýdylan tehnologiýalary arzanlatmagyňýoluny tapyp bilerler. Onsoňam şäheriň akylly bolupgalmagy üçin intelligent jemgyýet hökmanydyr.

Meselem araplaryň Masdarşäherini mysal alyp göreliň. Şolşähere göçüp geljek baýaraplaryň arasynda şäheriňtehnologiýalaryny dolandyrjakwe ösdürjek kelleli inženerlerbolmasa şäher belli bir wagtdan soň bozulyp, çüýräpbaşlar, aklyny ýitirer.

Adamlar akylly bolmasaşäheriň gutaran aklyny täzedenýüklemek üçin kelleliinženerleri başga ýerdengetirmeli bolarlar we ýenemilliardlap pul çykararlar. Şolsebäpli ilki bilen akyllyjemgyýet meselesini çözmek zerur.

about.me/gutly

Gutlymyrat Ýegendurdyýew | about.me/gutly

Has göwrümliräk makala okasy gelenlere Robert Belliň “Akylly şäher ýeterlikmi? Intelligent jemgyýet möhüm dälmi näme?” atly makalasyny maslahat berip bilerin.

globalurbanist.com/2013/02/25/intelligent-communities